Türkmenistanda Amyderýa basseýnindäki ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda Amyderýa basseýnindäki ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy maslahatlaşyldy
Ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy boýunça geçirilen seminar, 2023-nji ýylyň 27-nji iýuly, Aşgabat, Türkmenistan

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy boýunça penşenbe güni geçiren seminarynda Amyderýanyň basseýnindäki ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Şeýle hem semenara gatnaşyjylar ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagyny gazanmak we Amyderýa basseýnindäki ýer we suw serişdelerini dikeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu seminar ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagyny gazanmak ugrunda mümkinçilikleri artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň bir bölegidir.

Ýerleriň degradasiýasynyň kadalaşdyrylmagy konsepsiýasy ilkinji gezek BMG-niň çölleşmäge garşy göreş konwensiýasyna (UNCCD) tanyşdyrylmaga berildi we 2012-nji ýylda geçirilen BMG-nyň Rio+20 konferensiýasynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanyldy.

“Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň 26-njy iýulda çap edilen sanynda habar berlişi ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) Türkmenistanyň suw hojalygy pudagynda ilkinji tehniki kömek taslamasyny işe girizer.

2022