“Nowa hyzmat” kompaniýasy “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda medeni-dynç alyş seýilgähini gurar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Nowa hyzmat” kompaniýasy “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda medeni-dynç alyş seýilgähini gurar
Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumy

“Nowa hyzmat” hususy kärhanasy Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähini gurar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berýän Karara gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Bu resminama Aşgabat şäheriniň ilatynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç almagy üçin has amatly şertleri döretmek hem-de şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gözelleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Habarda bellenilişi ýaly, gurluşyk işlerine 2023-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we medeni-dynç alyş seýilgähini 2025-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

2022