Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň duşenbe güni “Türkmenhowaýollary” agentliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Belgiýanyň “Challenge Airline” ýük awiakompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynda taraplar “Challenge Airlines” awiakompaniýasy bilen “Türkmenhowaýollary” agentliginiň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy guramaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatyň dowamynda logistika, uçuşy amala aşyrmagyň tertibi ýaly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem “Challenge Airline” ýük awiakompaniýasynyň wekilleri türkmen tarapyny kompaniýanyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrdylar. “Challenge Airline” kompaniýasy Ninbo (Hytaý) – Aşgabat we Aşgabat – Lýež (Belgiýa) ugurlary boýunça Aşgabatdan ýük gatnawlaryny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.
“Challenge Airline” awiakompaniýasy 2017-nji ýylyň aprel aýynda döredilip, ol Belgiýanyň Lýež howa menzilinde ýerleşýär. Awiakompaniýa Ýewropa ýurtlaryna, Amerika, Ýakyn Gündogara we Afrika howa boýunça ýük daşamalaryny amala aşyrýar. “Challenge Airline” temperatura gözegçilik edilýän harytlar, awtoulag önümleri, aerokosmos önümleri we haýwanlar ýaly adaty bolmadyk ýükleri daşamak bilen meşgullanýar.