Gazagystan Türkmenistandan Owganystana üstaşyr daşamalarda arzanladyş boýunça ylalaşyk gazandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gazagystan Türkmenistandan Owganystana üstaşyr daşamalarda arzanladyş boýunça ylalaşyk gazandy
"Atameken" serhet geçelgesi, Gazagystan (Surat: gov.kz)

Gazagystan ýükleriň Türkmenistanyň üsti bilen Owganystana üstaşyr daşalmagy boýunça 30 göterim arzanladyş barada ylalaşyk gazandy. Bu barada Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Törebaýewiň Astanada habarçylar bilen ýetip gelýän gazak-owgan işewürlik forumyna bagyşlanyp geçirilen duşuşygynda aýdanlaryna salgylanyp, “Kazinform” agentligi duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem Gazagystanyň Söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Gazagystanyň un we galla önümlerini Owganystana ibermek meselesinde Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini belledi.

Mundan başga-da, Gazagystan täze söwda ugry boýunça Owganystanyň üsti bilen Pakistana synag tertibinde birnäçe ýük awtoulaglaryny ugratdy.

RŽD-nyň metbugat gullugynyň ýakynda habar bermegine görä, Gazagystan rus-gazak serhet geçelgelerinden Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlaryna daşalýan däneli, üwelýän önümlerden we nebit önümlerinden başga harytlar üçin 40 göterim arzanladyş girizer.

2022