Yragyň wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin sapar bilen Türkmenistana geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Yragyň wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin sapar bilen Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow bilen Yragyň Gazagystandaky wagtlaýyn ygtyýarly wekili Jaber Najma Adbullah Al-Temiminiň arasynda geçirilen duşuşyk, 1-nji awgust, Astana, Gazagystan (Surat: Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow we Yragyň Gazagystandaky wagtlaýyn ygtyýarly wekili Jaber Najma Adbullah Al-Temimi sişenbe güni Astana şäherinde duşuşyk geçirdiler. Duşuşygyň dowamynda Yragyň wekiliýetiniň Türkmenistana boljak sapary bilen baglanyşykly birnäçe guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Yragyň arasyndaky ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, taraplar ýangyç-energetika toplumyny goşmak bilen ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Yragyň Premýer-ministri Muhammed Şia al-Sudani ýurda gaz import etmegiň alternatiwalaryny öwrenmek maksady bilen ozal duşuşyk geçirdi we Türkmenistandan tebigy gaz import etmek mümkinçiliklerine garady.

2022