Türkmenistanyň Prezidenti täjik we özbek kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti täjik we özbek kärdeşleri bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2023-nji ýylyň 4-nji awgusty, Aşgabat ( Surat: president.tj)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň “Arkadag” myhmanhanasynda üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen aýratynlykda duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Duşuşyklaryň barşynda anna güni geçiriljek üçtaraplaýyn – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýkäk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda anna güni “Arkadag” myhmanhanasynda geçirilýän birinji üçtaraplaýyn sammitde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Şeýle hem üç döwletiň Prezidentleri halkara we sebit derejesinde gatnaşyklary berkitmegiň meseleleri barada pikir alşarlar.

Mundan başga-da, Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen aýratynlykda duşuşdy.

Surat: President.uz

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022