“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Sahabatly” kompaniýasy süýt önümleriniň birnäçe görnüşlerini öndürýär
“Sahabatly” kompaniýasy TSTB-niň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergide, 2023-nji ýylyň 17-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Sahabatly” hojalyk jemgyýeti süýt önümleriniň birnäçe görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar. Bu barada TSTB-nyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Häzirki wagtda bu ýerde “Sahabatly” haryt nyşany bilen gatyk, uýadylan gaýmak, süzme, aýran taýýarlanyp, ýerli bazarlara ugradylýar. Şeýle hem bu ýerde 200, 400 we 1000 gramlyk “Paýtagt” we 700 gramlyk “Dilim” peýnirleri öndürilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, önümçilik desgalary bilen birlikde, bu ýerde ýörite maldarçylyk toplumy bolup, onda golştin tohumly gara mallaryň we zaanen geçileriniň ýüzlerçesine talabalaýyk ideg edilýär.

Şeýle hem Aşgabat – Gökdepe aýlaw ýolunyň 25-nji kilometrinde ýerleşýän bu kompaniýa döwlet tarapyndan uzak möhletleýin 600 gektar ýer bölegi bölünip berlip, onuň 450 gektardan gowrak meýdanynda ot-iýmlik ösümlikler ösdürilip ýetişdirilýär.

“Sahabatly” hojalyk jemgyýetine degişli maldarçylyk toplumy 2014-nji ýylda açyldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022