Özbegistanda “Nike” sport aýakgaplarynyň önümçiligine başlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistanda “Nike” sport aýakgaplarynyň önümçiligine başlandy
"Nike" sport aýakgaplarynyň hiline gözegçilik edilýän pursady (Surat: sputniknews.uz)

Özbegistan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) markasyny ýurda çekmek üçin “O’zcharmsanoat” assosiasiýasy tarapyndan işlenip düzülen ýörite strategiýanyň kömegi bilen “Nike” marka önümlerini öndürijileriň biri hökmünde ykrar edildi.

Özbegistanyň “UzDaily” agentliginiň duşenbe güni beren habaryna görä, “Sino International” kompaniýasy bäş ýylyň dowamynda öz önümçiligini alyp barmak üçin “Nike” tarapyndan kesgitlenen ähli halkara hil standartlaryny doly durmuşa geçirdi.

“Sino International” “Nike” kompaniýasynyň talaplaryny doly ýerine ýetirmek maksady bilen ýöriteleşdirilen önümçilik ugurlaryny döretmek we berk hil gözegçiligi ýaly birnäçe gerekli işleri ýerine ýetirdi. Bu tagallalaryň netijesinde dünýä belli markanyň sport aýakgaplarynyň ilkinji toplumy kompaniýa tarapyndan öndürildi.

“Nike” kompaniýasynyň strategiýasyna laýyklykda, Özbegistanda öndürilen sport aýakgaplary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Pakistanyň bazarlary üçin niýetlenilip, soňra olary Ýewropa bazarlaryna ýaýratmak meýilleşdirilýär.

“Nike” kompaniýasynyň dünýä belli markasyny ulanyp sport aýakgaplary öndürýän her bir ýurt, şol sanda Özbegistan resmi çyzykly şertli belgi alýar. Bu çyzykly şertli belgi önümçiligi alyp barýan kompaniýalara bu markanyň sport aýakgaplarynyň modelleriniň ähli görnüşini öndürmäge hukuk berýändigini aňladýar.

2019-njy ýylda “Nike” kompaniýasy Özbegistanda öz markasy bilen sport aýakgaplaryny öndürmäge resmi taýdan rugsat berdi.

“Sino International” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän önümler Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň bazarlaryna iberilýär.

Geljek ýyldan başlap gyzyl gutylara gaplanylan meşhur önümler Pakistana ugradylyp başlanar. Şeýle hem “Sino International” kompaniýasy “Adidas” markasy bilen önüm öndürmegi maksat edinýär we kompaniýa bu ugurda degişli işleri alyp barýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022