Türkmenistanda “gudrat nary” ösümligini ýetişdirmekde ilkinji netijeler gazanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda “gudrat nary” ösümligini ýetişdirmekde ilkinji netijeler gazanyldy
"Gudrat nary" ösümliginiň bişen miwesi (Surat: İHA)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleri momordika ýa-da türki halklaryň dilinde “gudrat nary” diýlip atlandyrylýan dermanlyk ösümligi ösdürip ýetişdirmekde ilkinji netijeleri gazandylar. Bu barada institutyň ylmy işgäri Enebaý Amanberdiýewanyň “Türkmenistan” gazetinde anna güni çap edilen makalasynda habar berilýär.

“Gudrat naryny açyk ýerde hem-de ýyladyşhanada ýetişdirmek bolýar. Iň gowusy, ony bukurak, ýokary çygly, ýelden sowarak ýerlerde ekmeli. Açyk ýerde ekilende, ol günortan kölege düşýän güneşli ýerleri halaýar. Ýöne kölegede ösüşi pes bolup, miwe bermeýär” diýip, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň ylmy işgäriniň makalasynda aýdylýar.

Makalada bellenilişi ýaly, ekinler maýda miweläp, gowy ideg edilen ýagdaýynda, oktýabryň ortasyna çenli hasyl berýär. Miwäniň içi goýy lagyl reňkli bolup, onuň tagamy bişen hurmany ýatladýar.

Bu ösümligiň miwesinde we baldagynda örän köp karotin, insulina meňzeş peptidler, kalsiý, dürli ýaglar, alkoloidler, fenollar, amino kislotalar, saponinler saklanýar.

Hytaý halk lukmançylygynda momordika howply çişleri bejermekde peýdalanylýar. Şeýle hem bu dermanlyk ösümligi gipertoniýa, babasil, aşgazan ýarasy, diabet, leýkemiýa kesellerini-de bejermekde ulanylýar.

2022