Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Baku halkara deňiz söwda porty, Azerbaýjan (Surat: Baku portunyň metbugat gullugy)

Özbegistan Transhazar ugry boýunça ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýär. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logistika ösüşiniň meselelerini öwrenmek merkeziniň müdiri Bekzod Holmatowyň aýdanlaryna salgylanyp, Azerbaýjanyň “Report” agentligi çarşenbe güni habar berdi.

Bekzod Holmatow Özbegistanyň Azerbaýjan bilen bilelikde gämi gurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini hem aýtdy.

Şeýle-de Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logistika ösüşiniň meselelerini öwrenmek merkeziniň müdiri Özbegistanyň Hazar deňzinde öz flotuny döretmäge isleg bildirýändigini we munuň deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurt üçin wajypdygyny belledi.

Mundan başga-da, Bekzod Holmatow Daşkendiň bu meselede beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny nygtady.

Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logistika ösüşiniň meselelerini öwrenmek merkeziniň müdiri häzirki wagtda Özbegistanyň Baku portunda öz terminalynyň gurluşygy boýunça işleri alyp barýandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, gämi gatnawy ugry boýunça Özbegistanyň Türkmenistan we Gazagystan bilen gazanan ylalaşyklary ähli möhüm meseleleri netijeli we gysga wagtda çözmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň we Özbegistanyň “Uzbekiston temir yullari” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri şu ýylyň iýul aýynda Daşkentde geçirilen duşuşykda “Farap/Hojadawlet-Türkmenbaşy porty-Farap/Hojadawlet” ugrunyň geçirijilik ukybyny ösdürmäge we konteýner ýük gatnawlarynyň mukdaryny artdyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

2022