Owganystanyň işewürleri 24 müň tonna A-92 awtoulag benzini satyn aldylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Owganystanyň işewürleri 24 müň tonna A-92 awtoulag benzini satyn aldylar
TDHÇMB-da geçirilýän söwdalardan bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni daşary ýurt puluna geçiren söwdalarynda Owganystanyň işewürleri A-92 kysymly awtoulag benzininiň 24 müň tonnasyny satyn aldylar. Bu barada TDHÇMB-nyň resmi saýtynda habar berilýär.

Owganystandan gelen telekeçileriň satyn alan A-92 kysymly awtoulag benzininiň bir tonnasy 809 ABŞ dollaryna deň bolup, baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy 19 million 416 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şeýle hem Türkiýäniň we Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 1 million 773 müň 670 ABŞ dollaryna deň bolan ýüplük hem-de tekiz boýalan we tüýjümek žakkard önümlerini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 87 million 808 müň ABŞ dollaryna deň boldy.

2022