Zähmet rugsadynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany welosipedli ýörişiň dowamynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini synlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, tutuş dünýäde meşhurlykdan peýdalanýan hem-de ekologik taýdan arassa bolan welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar diýip, habarda bellenilýär.
Soňra Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow “Awaza” sport toplumyna baryp, bu ýerde bar bolan türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de oňa ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen döredilen Bütindünýä welosiped güni her ýylyň 3-nji iýunynda giňden bellenilýär.