Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar toplumy açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar toplumy açyldy
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Hazaryň kenarynda açylan täze binalar we desgalar toplumy, 2023-nji ýylyň 15-nji awgusty

Türkmenistanyň Balkan welaýatynda Hazar deňziniň kenarynda sişenbe güni Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze toplumda ornaşdyrylan tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini synlamak, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligini kesgitlemek bolýar.

Toplumyň çäginde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy, gämi duralgasy ýerleşýär. Şeýle hem Hazar deňziniň kenarynda açylan täze toplumyň çäginde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary we lukmançylyk bölümi döredildi.

Bulardan başga-da, bu ýerde naharhana, aşhana hem-de çörek bişirilýän ýer, durmuş maksatly otaglar, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ammarlar hem bardyr. Şeýle-de bu täze toplumda serkerdeler we olaryň maşgalalarynyň agzalary üçin täze ýaşaýyş jaýlary gurulyp ulanylmaga berildi.

Täze toplumyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Türkmenistnyň Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna Türkmenistnyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.

2022