Türkmenistan we Eýran tozanly tupanlara garşy göreşmek tagallalaryny birleşdirerler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Eýran tozanly tupanlara garşy göreşmek tagallalaryny birleşdirerler
Eýranyň paýtagty Tähranda emele gelen tozanly tupan, 2014-nji ýylyň 2-nji iýuny (Surat: AFP)

Türkmenistan we Eýran Garagum çölündäki tozanly tupanlara garşy göreşmek boýunça tagallalaryny birleşdirmek barada ylalaşdylar. Bu barada “Iran Press” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Tozanly tupanlara garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen Eýranyň Daşky gurşawy departamentiniň başlygynyň orunbasary Iraj Heşmatiniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen konferensiýada ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar tejribe alyşmagyň we bu hadysalaryň emele gelýän ýerlerine saparlary guramagyň möhümdigini nygtadylar.

Çarygeldi Babanyýazow öz gezeginde tozan bilen göreşmek we çölleşmek şertlerinde ösümlikleriň ösüşiniň ähmiýetini belledi.

Merkezi Aziýanyň iň uly çöllerinden biri bolan Garagum çöli Türkmenistanyň tutýan meýdanynyň takmynan dörtden üç bölegini emele getirýär.

 

2022