Azerbaýjanda syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Azerbaýjanda syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça forum geçiriler
Baku, Azerbaýjan (Surat: interfax.az)

Azerbaýjanyň françaýzing assosiasiýasy syýahatçylyk pudagyna maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen şu ýylyň dekabr aýynda ýurtda “Turan-Economic Forum” atly forumy gurnamagy meýilleşdirýär. Bu barada Françaýzing assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jamid Mowsumowyň aýdanlaryna salgylanyp, “Trend” agentligi penşenbe güni habar berdi.

Bu foruma Saud Arabystany, Kuweýt, Ýaponiýa we Russiýa ýaly 100-den gowrak ýurtdan 500-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumy gurnaýjylar çäräniň dowamynda maýa goýum ylalaşyklarynyň üstünlikli baglaşylmagyna umyt edýärler.

Şeýle hem Jamid Mowsumow şu ýyl bu forumyň Baku şäherinde, indiki ýyllar bolsa Türkmenistanda, Türkiýede, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Wengriýada geçiriljekdigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Françaýzing assosiasiýasy (AFA) françaýzing ulgamynda ösdürme, gorag we maglumat goldawy bilen meşgullanýan Azerbaýjanda ilkinji gurama bolup durýar.

2022