Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmäge gyzyklanma bildirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň başlygy Türkmenistana gelmäge gyzyklanma bildirdi
Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow bilen Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Şri Dato Johari Abdulyň arasynda geçirilen duşuşyk, 17-nji awgust (Surat: Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) Muhammetnyýaz Maşalow penşenbe güni Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň başlygy Tan Şri Dato Johari Abdul bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Tan Şri Dato Johari Abdul u ýyl Türkmenistana sapar bilen gelmek isleýändigini beýan etdi.

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçihanasynyň habaryna görä, türkmen ilçisi öz gezeginde boljak saparlaryň iki ýurduň arasyndaky parlament gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini ynam bildirdi.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde we özara düşünişmegi güýçlendirmekde wajyp orny eýeleýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Kamboja Patyşalygyndaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow bilen Kambojanyň Daşary işler we hyzmatdaşlyk ministrliginiň Döwlet sekretary Tuot Panhoýyň arasynda 15-nji awgustda geçirilen duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda şu ýyl ýokary derejeli saparlary geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022