Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri Moskwada duşuşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleri Moskwada duşuşarlar
Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy, 2022-nji ýylyň 28-nji iýuny, Aşgabat, Türkmenistan

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň Eýranyň, Gazagystanyň Russiýadaky ilçileri bilen Moskwada Daşary işler ministrleriniň derejesinde geçiriljek duşuşyga taýýarlyk barada pikir alyşdy. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda Hazar "bäşliginiň" çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Russiýanyň TASS agentliginiň habar bermegine görä, Hazarýaka ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Russiýanyň başlangyjy bilen geçirilmegi meýilleşdirilýär.

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen “Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi” atly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow ýetip gelýän duşuşykda Hazar deňziniň kanuny ýagdaýy baradaky konwensiýanyň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilişine seredilmelidigini aýtdy. Mundan başga-da, Raşid Meredow Hazar deňziniň daşky gurşaw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleri işläp düzmek üçin platforma kesgitlemegiň möhümdigini nygtady.

2022