Özbegistan we Azerbaýjan Transhazar ugrunyň çäginde bilelikdäki logistika kompaniýasyny döretmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde sişenbe güni Baku şäherinde geçirilen gepleşiklerde logistika kompaniýasyny döretmek barada meselä garaldy.
“Uzdaily” internet neşiriniň habar bermegine görä, taraplar Baku we üçünji ýurtlaryň portlarynda ammar infrastrukturasyny we logistika merkezlerini gurmagyň geljegine garadylar.
Şeýle hem Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Döwlet Başutanlary ulag hem-de üstaşyr pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň strategiki ähmiýetini bellediler. Özbek tarapy hem öz gezeginde Azerbaýjanyň häzirki zaman ulag ulgamyny ulanyp ýük daşamalary has-da artdyrmak isleýändigini aýtdy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça iki ýurduň Döwlet Baştutanlary bilelikdäki Ýol kartalaryny taýýarlamagy we gazanylan ylalaşyklary netijeli durmuşa geçirmegiň mehanizmlerini döretmegi tabşyrdylar.
Mundan başga-da, Baku şäherinde duşenbe güni Özbegistanyň we Azerbaýjanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen işewürlik maslahatynyň çäginde Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we “Özbekneftegaz” paýdarlar jemgyýeti nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada Ylalaşyga gol çekdiler.
Duşuşygyň dowamynda SOCAR bilen “Özbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň nebit, nebithimiýa we gazhimiýa önümleriniň söwda we logistikasy boýunça özara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ýanyndaky Ulag we logistika ösüşiniň meselelerini öwrenmek merkeziniň müdiri Bekzod Holmatow ozal Özbegistanyň Transhazar ugry boýunça ýük daşamalary ösdürmek maksady bilen Hazar deňzinde öz gämileriniň bolmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.