Türkmenistan Russiýanyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Russiýanyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin ynsanperwerlik kömegini iberer
Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde geçirilýän halas ediş işleri (Surat: Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Russiýanyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin 2023-nji ýylyň awgust aýynda ynsanperwerlik kömegini ibermek barada Buýruga gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Ynsanperwerlik kömegini ibermek baradaky degişli buýruk türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklaryndan we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp we Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy hadysalaryň bolup geçendigini göz öňünde tutulyp kabul edildi.

Resminama laýyklykda, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen hyzmatdaşlykda degişli harytlardan we azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik kömegini Russiýanyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalary üçin taýýarlamak hem-de muzdsuz bermek tabşyryldy.

Şeýle hem Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň awgust aýynda Russiýanyň Primorskiý kraý sebitine ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly geçirmäge borçly edildi.

2022