Ilkinji Russiýa-Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ilkinji Russiýa-Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
RŽD-niň konteýner ýük otlusy (Surat: RŽD)

Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden Eýrana geçdi. Bu barada Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy Miad Salehiniň aýdanlaryna salgylanyp, “Tehran Times” gazeti ýekşenbe güni habar berdi.

Miad Salehiniň aýtmagyna görä, Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça hereket edýän 36 sany konteýnerli otly Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesine bardy.

Şeýle hem Eýranyň Demir ýollarynyň başlygy rus otlusy üçin resminamalary taýýarlamagyň tamamlanandygyny we ýük otlusynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň port şäheri bolan Jidda iberilmegi üçin Eýranyň günortasyndaky Bandar Abbas portyna ugradylandygyny aýtdy.

Miad Salehi gümrük nyrhnamalarynyň peselmegi netijesinde harytlary Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesi boýunça daşamagyň bahasy takmynan iki esse azaldy.

Ýük otlusy Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň ulag infrastrukturasyny ulanyp, Demirgazyk — Günorta halkara gury ýer geçelgesiniň gündogar şahasy boýunça hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022