Täze mekdep okuwçylary üçin kompýuterleriň 76,6 müňden gowragy taýýarlanyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Täze mekdep okuwçylary üçin kompýuterleriň 76,6 müňden gowragy taýýarlanyldy
1-nji synpa okuwa barýan okuwçylara noutbuklaryň gowşurylýan pursady

Şu ýyl 1-nji synpa okuwa barýan okuwçylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň 76 müň 677-si taýýar edilip orta mekdeplere gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Sowgat beriljek “Bilimli” nyşanly kompýuterleriň önümçilik işleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Bilim ministrligine 2023-2024-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän mekdep okuwçylaryna sowgat bermek üçin degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki hyzmat etmek barada “Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy we “Aýdyň gijeler” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, noutbuklaryň operasion ulgamy “Android 13+ Google service” bolup, operatiw ýady (RAM) DDR44Gb-e deňdir. Kompýuterlere türkmen, iňlis hem-de rus dilleri girizilip, olarda okuw maksatnamasyna degişli zerur bolan öwrediji programmalaryň birnäçesi ýerleşdirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 1-nji sentýabrda Arkadag şäherinde hem-de Türkmenistanyň welaýatlarynda jemi 19 sany orta mekdebiň we okuw-terbiýeçilik toplumynyň hem-de 13 sany çagalar bagynyň açylmagynyň meýilleşdirilýändigi habar berildi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022