Şokolad önümçiligi: dünýä ykdysady şertlerinde üstünligi saklamak

Nurmyrat Mommaýew
Şokolad önümçiligi: dünýä ykdysady şertlerinde üstünligi saklamak
Şokolad önümçiliginden bir pursat (Surat: The New York Times)

Soňky döwürde dünýäde şokolad öndürijiler ykdysady taýdan kyn ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Şokolad önümçiligindäki esasy çig mallaryň bahalarynyň ýokarlanmagy, esasanam kakaonyň bahasynyň soňky 46 ýylyň, şekeriň bahasynyň soňky 10 ýylyň iň ýokary derejesine ýetmegi bu pudaga ýaramaz täsir edýär. Bu ýagdaý, şokolad öndürijilerini önümiň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly çylşyrymly deňagramlylygy saklamaga iterýär.

Önümiň bahasynyň ýokarlanmagy bilen, sarp ediş çäklendirmeleriniň başlandygyna göz ýetirmek mümkindir. Sarp edijiler bahalaryň ýokarlanmagy sebäpli özleriniň sarp ediş endiklerini üýtgedip başladylar. Häzirki wagtda bu üýtgeşiklik, sarp edijileriň pandemiýa döwründe bahalaryň ýokarlanmagyna biperwaý garaýan döwri bilen deňeşdirilende täsin ýagdaýy ýüze çykarýar.

Esasan hem, “Hershey” we “Mondelez” ýaly iri şokolad öndüriji kompaniýalar satuw bahalaryny önümçilik çykdaýjylary bilen deň derejede ýokarlandyrmakda kynçylyk çekýärler. Bu kompaniýalaryň girdejilerini goramak we sarp edijileriň satyn alyş güýjüni göz öňünde tutmak bilen deňagramlylygy saklamaga synanyşýandyklaryny aňladýar. Bahalaryň ýokarlanmagy, esasan hem, ýokary bäsdeşlige eýe bolan azyk senagatynda müşderileriň önüme bolan baglylygyna täsir edip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir.

Şokolad önümçiligi ençeme ýyllar bäri dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Şeýle-de bolsa, häzirki aňsat bolmadyk ykdysady şertlerde bu pudagyň geljegi näbellilikler bilen sezewar bolýar. Önüm öndürijiler ýokarlanýan çykdajylary durnuklaşdyrmak, şol bir wagtyň özünde üpjünçiligiň hilini we üznüksizligini saklamak üçin göreşmeli bolýarlar. Şeýle hem bu döwür pudagyň innowasiýa we strategiýa nukdaýnazaryndan nähili çeýedigini we uýgunlaşýandygyny barlamaga mümkinçilik berýär.

Netijede, şokolad öndürijileriniň çykdajylaryň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolmaklary we bu çykdajylary sarp edijilere geçirmek bilen baglanyşykly kynçylyklar pudagyň ösüşiniň umumy dinamikasyna täsir edýär. Sarp edijileriň satyn almak endikleriniň üýtgemegi we bäsdeşligiň ýokarlanmagy öndürijileri has döredijilikli we durnukly çözgütleri tapmaga itergi berip biler. Geljekde şokolad önümçiliginiň bu kynçylyklary ýeňip geçip, pudagynyň durmuşa ukyplylygyny saklap bilmegi ýa-da onuň möhüm özgerişlikleri başdan geçirmegi ýakyndan gözegçilik edilmeli ýagdaý bolup galýar.

Nurmyrat Mommaýew,

Türkiýäniň Stambul şäherinde ýerleşýän Marmara uniwersitetiniň Syýasat ylymlary we halkara gatnaşyklar bölüminiň doktoranty

2022