Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa sebitinde klimat tehnologiýalary boýunça merkezi açmagy göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisininde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna degişli teklibi hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Habarada bellenilişi ýaly, bu ugurda ilkinji ädim hökmünde Türkmenistan bilen BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) arasynda Türkmenistana we Merkezi Aziýa döwletlerine klimat tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen sebit maksatnamalaryny ösdürmek baradaky Ähtnamany baglaşmak teklip edilýär.
Şeýle hem Raşid Meredow Türkmenistanyň Pariž şertnamasyny ýerine ýetirmeginiň çäklerinde degişli Ýol kartasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri şu ýylyň 21-nji noýabrynda howanyň üýtgemegi boýunça BAE-niň Dubaý şäherinde geçiriljek ýaşlaryň 18-nji maslahatynyň (СOY-18) we BMG-niň maslahatynyň (СOP-28) öňüsyrasynda Aşgabatda howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatyny geçirmek teklibi beýan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany hödürlenen teklipleri makullap, ekologiýa, tebigaty goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisininde döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.