Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri “Arçman” şypahanasynyň degişli binalarynyň durkuny täzelemek we bu ýerde häzirki zaman bejeriş ulgamyna degişli binany gurmak boýunça işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary hem-de desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, şypahananyň täze binasy gurlandan soňra, bu ýerde birbada 1 müň 320 adamyň bejergi almagy üçin mümkinçilik dörär.
Şeýle hem bu ýerde “Arçman” şypahanasynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän täze binanyň, durky täzelenjek Saglyk ýolunyň, dynç alýanlara niýetlenen bassyrmalaryň, çagalar üçin oýun meýdançalarynyň, agyz suwy, şypaly suw ulgamlarynyň, elektrik, gaz we lagym geçirijileriň, şypahananyň durmuş üpjünçiligine degişli birnäçe tehniki desgalaryň, awtomobil ýolunyň taslamalary, binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça meýilleşdirilen işleriň, şypahananyň çäginde oturdylmagy göz öňünde tutulýan aýmançalaryň görnüşleri görkezildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň bellenilen wagtda we ýokary hil derejesinde amala aşyrylmagynyň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu işleriň ýokary derejede alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, saglygy goraýyş ulgamyna hem-de ugurdaş pudaklara degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
“Arçman” şypahanasynda 2009-njy ýylda 400 orunlyk täze bina gurulyp, oňa ýedi kilometr uzaklykdan agyz suwy we Saglyk ýoly çekildi.