Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.
Hasabat döwründe Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlarynyň arasyndaky söwda geçen ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende 17,8 göterim ýokarlandy (406,3 million ýewro).
Agentligiň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmenistanyň ÝB agza ýurtlaryna eksporty 273,16 million ýewro deň boldy. Bu bolsa 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 29 göterim ýokarydyr (193,81 million ýewro).
2023-nji ýylyň ilkinji bäş aýynda Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlaryndan importy geçen ýylyň ýanwar-maý aýlary bilen deňeşdirilende 4 göterim ýokarlandy we 221,5 million ýewro deň boldy.
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryndan 2023-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 7,64 million ýewro möçberinde mineral önümleri import etdi.