“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy portuna geler
“Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi (Surat: astralist.info)

Hazar deňzi bilen Gara deňizinde gezelençleri ýola goýup başlajak “Pýotr Welikiý” syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Türkmenbaşy halkara deňiz portuna geler. Bu barada Türkmenbaşy portunyň metbugat gullugy penşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, gezelenjiň dowamynda bu syýahatçylyk gämisi Azerbeýjanyň (Baku), Gazagystanyň (Aktau) we Russiýanyň (Mahaçkala) portlaryna hem barar.

Gämide ýolagçylara restoranlar, spa otaglary, sport zallary, howuz we sauna otaglary ýaly amatlyklar hödürleniler. Gämidäki kaýutalaryň umumy sany 155 bolup, olar 310 ýolagça niýetlenendir.

“Pýotr Welikiý” gämisi Russiýa Federasiýasynyň Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş önümçilik merkeziniň “Lotos” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanasynyň önümçilik meýdançasynda guruldy. 

2022