Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Fransiýanyň Ýewropa işleri boýunça ministri, Daşary işler ministri Katrin Kolonnanyň arasynda sişenbe güni Fransiýada geçirilen duşuşykda 2024-2026-njy ýyllar üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.
Fransiýanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar iki döwletiň arasynda bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada Jarnama gol çekdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň we Fransiýanyň ministrleri syýasy alyş-çalyşlaryň berkidilmegi we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasan hem ekologiýa, energiýa we infrastruktura üns berýän ykdysady ugurda ösdürilmegi üçin möhüm mümkinçilikler bilen şertlenýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini mübäreklediler.
Şu günler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýa Respublikasyna sapary amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýeti Fransiýanyň "MEDEF-International" halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy.