Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde uzak möhletli bank karz serişdeleriniň hasabyna 24 sany 4 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary gurlar.
Baýramaly şäherindäki ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşik “Maru-Şahu Jahan” gazetinde penşenbe güni çap edildi.
Bu ýaşaýyş jaýlary gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 8-nji awgustyndaky “Türkmenistanda hususy ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyynyň we olary ýerlemegiň meseleleri hakynda” 13792-nji Kararyna laýyklykda yglan edildi.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar we hususy kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşik teklipleri Mary şäheriniň Çärjew köçesiniň 12-nji jaýynda şu ýylyň 17-nji sentýabryna, sagat 18:00-a çenli kabul edilýär.



30635-495x4352.jpg)



30457-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


