Türkmenistanyň Pakistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atajan Möwlamow bilen Pakistanyň wagtlaýyn söwda we senagat ministri Gohar Ejazyň arasynda penşenbe güni Yslamabatda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky ulag we söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Pakistanyň söwda ministrliginiň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde esasy üns söwda ýollaryny, demirýol arabaglanyşygyny, gaz geçirijilerini we üstaşyr söwdany ösdürmäge gönükdirildi.
Taraplar özara peýdaly infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar we sebit ýurtlarynyň arasynda ykdysady integrasiýany güýçlendirmek isleýändiklerini mälim etdiler.
Türkmen ilçisi öz gezeginde Pakistanyň kompaniýalaryny “akylly” Arkadag şäherini gurmak boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyrdy.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar Pakistandan gurluşyk materiallarynynyň we enjamlarynyň eksport mümkinçiligini, şeýle hem ýurduň Türkmenistanda geçirilýän sergi çärelerine gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Pakistanyň Energiýa ministrligi awgust aýynyň ahyrynda Türkmenistan bilen Pakistanyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça işleri tizleşdirmak barada ylalaşandygyny habar berdi.