Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Duşanbe şäherinde duşuşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri Duşanbe şäherinde duşuşarlar
Duşanbe, Täjigistan (Surat: destinotes.com)

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleri şu ýylyň 13-nji sentýabrynda Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde duşuşarlar.

Täjigistanyň ulag ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşyk 14-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde geçiriler.

Bu duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň gatnaşmagyna garaşylýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynda Merkezi Aziýada ýerüsti ulag pudagyndaky gatnaşyklary berkitmek baradaky Ylalaşygyň taslamasyny hödürlemek we tassyklamak meýilleşdirilýär. Bu Ylalaşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlarynyň bäşinji ýubileý konsultatiw duşuşygynyň çäginde gol çekilmegine garaşylýar.

Bu Ylalaşyga gol çekilmeginiň esasy maksady halkara ulaglary üçin amatly şertleri, hyzmatlar bazarynda bäsdeşlik gurşawyny döretmek, netijeliligi ýokarlandyrmak, täze geçelgeleri döretmek, ulag prosesini ýönekeýleşdirmek, ulag we logistika hyzmatlaryny ösdürmek hem-de täzelikleri girizmek bolup durýar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça sebitiň bäş ýurdunyň ulag ministrlikleri ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirerler we Bilelikdäki Maglumat kabul ederler.

2022