“Berkarar” söwda dynç-alyş merkezinde ýerleşýän “LC Waikiki” kompaniýasynyň Aşgabatdaky dükanynda zenanlara, erkerlere we çagalara niýetlenilen ähli harytlar üçin “1 haryt alana 1 haryt mugt” teklibi dowam edýär.
“LC Waikiki” dükanynyň dolandyryjysynyň “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň bermegine görä, “1+1” teklibi şu ýylyň 7-nji sentýabyrynda başlandy we müşderiler isleglerine görä ýokary hilli egin-eşikleri we aýakgaplary satyn almak bilen goşmaça harydy mugt alyp bilerler.
Şeýle hem alyjylar öňünden hiç hili tölegsiz 6 aý garaşaryna dürli görnüşli egin-eşikleri hem-de aýakgaplary satyn alyp bilerler.
“LC Waikiki” dükanynyň harytlaryny “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde satyn almak mümkinçiligi hem bolup, bu platforma kompaniýanyň harytlaryny satyn alan müşderilere 5 göterim cash back we 90 minudyň dowamynda mugt eltip bermek hyzmaty garaşýar.
Müşderiler bu online platformanyň “Asmanshop” bölüminde diňe bir “LC Waikiki” dükanynyň harytlanyny däl, eýsem, beýleki birnäçe brendleriň harytlaryny hem sargty edip bilerler. “Asmanexpress” online platformasynyň “Asmanshop” bölüminde ilkinji edilen sargyda 50 manatlyk kupon sowgat berilýär.
“LC Waikiki” kompaniýasynyň Aşgabatdaky dükanynyň salgysy: Aşgabat şäheri, “Berkarar” söwda dynç-alyş merkeziniň 3-nji gaty
Telefon belgileri:
Instagram: lcw_turkmenistan