Sentýabr I hepde: TDHÇMB-da dokma önümleri, portlandsement we polipropilen satyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sentýabr I hepde: TDHÇMB-da dokma önümleri, portlandsement we polipropilen satyldy
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde ýerleşýän dokma toplumynda alnyp barylýan işlerden bir pursat

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda (TDHÇMB) geçen hepdede geçirilen söwdalarda dokma önümleri, portlandsement we polipropilen uly islegden peýdalanyldy. Sentýabr aýynyň birinji hepdesinde geçirilen söwdalaryň jemi bahasy 8 million 337 müň ABŞ dollaryna we 4 million 800 müň manada deň boldy.

Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Şeýle hem daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Hytaýyň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Ermenistanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardylan pagta süýümini we dokma önümleriniň galyndylaryndan dikeldilen süýümi satyn aldylar.

Mundan başga-da, içerki bazar üçin ýerli telekeçiler “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Awgust aýyndaky söwda amallarynyň möçberiniň artmagy netijesinde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaryň jemi bahasy 207 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022