Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda resmi saparda bolýan Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy duşenbe güni kabul etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy we geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň “Peterburgskiý dnewnik” (Peterburg gündeligi) neşiri habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-peterburg işewürlik forumyny guramak, Sankt-Peterburg bilen Türkmenistanyň täze Arkadag şäheriniň arasynda doganlyk şäher gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Sankt-Peterburgda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pragynyň ýadygärligini gurmak mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de söhbetdeşligiň çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň alymlar topary tarapyndan Žores Alfýorow adyndaky türkmen elektronika we nanotehnologiýa institutyny döretmek baradaky teklibiň öňe sürülendigi bellenildi.
Mundan başga-da, Aleksandr Beglow Sankt-Peterburgyň daşary ykdysady we halkara işlerinde türkmen hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mundan beýläk hem möhüm ähmiýete eýe bolup galjakdygyny nygtady.