“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Galkynyş” käninde senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy
Gazçylaryň täze gaz akymyny işe girizýän pursady

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Türkmengazburawlaýyş” müdirliginiň gazçylary tarapyndan “Galkynyş” gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleri 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilip, bu ýerden senagat ähmiýetli täze gaz akymy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti duşenbe güni habar berdi.

Degişli hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, “Galkynyş” gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusyndan her gije-gündizde 2 million 264 kub metr tebigy gaz alynýar.

“Galkynyş” käniniň tebigy gaz gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen birlikde 27,4 trillion kub metr möçberinde diýlip hasaplanýar.

Habarda bellenilişi ýaly, gaz guýusynyň buraw we gurluşyk işlerinde “Galkynyş” gaz käniniň geologik we tehniki häsiýetlerine laýyk gelýän Ýaponiýanyň öňdebaryjy “Sumitomo” kompaniýasynyň oturtma we sorujy-gysyjy turbalary, çüwdürim armaturalary hem-de sütün başlary giňden peýdalanyldy.

Şeýle hem “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ýedi tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi bilen bu ýerde her ýyl tebigy gazyň çykarylyşy takmynan 200 milliard kub metre ýeter. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022