Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan, Eýran we Özbegistan wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi maslahatlaşarlar
Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow bilen Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargaminiň arasyndaky duşuşyk, 11-nji sentýabr, Tähran (Surat: IRNA)

Özbegistanyň ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi boýunça ministri Aziz Abdulhakimow duşenbe güni Tähran şäherinde Eýranyň medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatollah Zargami bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Aziz Abdulhakimow wiza almagyň düzgünlerini ýönekeýleşdirmegi ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Türkmenistanyň, Eýranyň we Özbegistanyň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirmegi teklip etdi.

IRNA agentliginiň habaryna görä, üç taraplaýyn duşuşygyň çäginde taraplar gara ýollaryň we demirýollaryň infrastrukturasyny berkitmek we päsgelçilikleri aýyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirýärler.

Şeýle hem Aziz Abdulhakimow taraplaryň arasynda syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we Türkmenistanyň, Eýranyň hem-de Özbegistanyň arasynda üç taraplaýyn duşuşygy geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Özbegistan bilen Eýran şu ýylyň iýun aýynda Özbegistan — Türkmenistan — Eýran üçtaraplaýyn multimodal ulag geçelgesini ösdürmek barada ylalaşyk gazandy.

2022