Ahal welaýatynyň çäginde iki sany täze oba açylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ahal welaýatynyň çäginde iki sany täze oba açylar
Täze zaman ýaşaýyş toplumynda bina edilen desgalaryň açylyş dabarasy, 2018-nji ýyl

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramçylygynyň öň ýanynda Gökdepe etrabynyň Owadandepe we Köpetdag geňeşlikleriniň çäginde täze, döwrebap obalar açylyp ulanylaga berler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.

Täze obalaryň her biri ýaşaýyş jaýlarynyň 400-sini, 640 orunlyk orta mekdepleri, 320 orunlyk çagalar baglaryny, saglyk merkezleridir söwda merkezlerini hem-de ýokary derejede enjamlaşdyrylan beýleki desgalary öz içine alýar.

Habarda bellenilişi ýaly, welaýatdaky döwrebap ilatly ýerleriň üstüni ýetirjek täze obalaryň açylyş dabaralaryna taýýarlyk işleri giňden alnyp barylýar.

Täze, döwrebap obalaryň gurluşygy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurluşygy alnyp barylýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022