Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny işjeňleşdirmegi teklip etdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Araly halas etmegiň halkara gaznasyny işjeňleşdirmegi teklip etdi
Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi, 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabry, Duşenbe, Täjigistan (Surat: Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda AHHG-nyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Türkmenistanyň geljekde hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş etjekdigini nygtady.

“Bu gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärleri bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti mejlisiň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmak we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek teklibini öňe sürdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sebitiň ýurtlaryna Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň goralmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen halkara resminamalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek çärelerini çaltlandyrmak meselesiniň möhüm bolup durýandygyny aýtdy.

“Bu ugurda bilelikdäki diplomatik tagallalarymyzy işjeňleşdirmegi teklip edýäris” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

Mundan başga-da, sammitiň netijeleri boýunça Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Duşenbe Beýannamasyna, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Täjigistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklygynyň netijeleri barada Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy ýurtlarynyň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň guramaçylyk gurluşyny we hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça işler barada Çözgüdine, AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Prezidentiniň saýlanmagy barada Çözgüdine gol çekildi.

2022