Jo Baýden Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen duşuşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Jo Baýden Nýu-Ýorkda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Prezidentleri bilen duşuşar
ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynda çykyş edýän pursady, BMG-nyň ştab-kwartirasy, Nýu-Ýork (Surat: AP)

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň (ABŞ) Prezidenti Jo Baýden indiki hepde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet Baştutanlary bilen taryhy duşuşyk geçirer diýip, ABŞ-nyň ýokary derejeli resmisi Jeýk Salliwan anna güni Waşingtonda geçirilen metbugat ýygnagynda mälim etdi. Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çäginde “C5+1” formatynda geçiriljek bu sammit sebitleýin başlangyjyň çäginde Döwlet Baştutanlary derejesindäki ilkinji duşuşyk bolar.

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Jeýk Salliwan ýakynda geçiriljek sammitde Döwlet Baştutanlaryna dürli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilikleriň dörediljekdigini mälim etdi. Sammitiň dowamynda sebitleýin howpsuzlyk, söwda we aragatnaşyk, howanyň üýtgemegi, şeýle hem kanunyň hökmürowanlygyny berkitmäge gönükdirilen dolandyryş reformalary ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar. Jeýk Salliwanyň bu beýanaty Ak Tamyň metbugat gullugy tarapyndan çap edildi.

“C5+1” formatynda geçiriljek sammitiň anyk maksatlary baradaky soraga Jeýk Salliwan onuň ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň oňyn gün tertibini döretmäge gönükdirilendir diýip, jogap berdi. Şeýle hem ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi sammitiň netijeleri boýunça hyzmatdaşlygyň aýratyn ugurlaryny kesgitlejek Bilelikdäki Beýannamanyň kabul edilmegine garaşylýandygyny belläp geçdi. Jeýk Salliwan bu hyzmatdaşyk ugurlaryny goldamak üçin ABŞ tarapyndan serişdeleriň bölünip beriljekdigini aýtdy.

“C5+1” formaty 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin köptaraplaýyn mehanizm hökmünde hereket edýär. Bu maksatnama ykdysady ösüş, sebitleýin hyzmatdaşlyk we howpsuzlyk meselelerini üns merkezinde saklaýar.

2022