Türkmenistan we Wengriýa öz ýurtlarynda ilçihanalary açmak barada özara ylalaşyk gazandylar. Bu Ylalaşyk penşenbe güni Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) söwda we ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygynyň çäginde gazanyldy.
Wengriýanyň Premýer-ministriniň halkara gatnaşyklary boýunça döwlet sekretary Zoltan Kowaçyň X sahypasynda habar bermegine görä, bu ädim Wengriýanyň TDG-nyň ähli agza ýurtlarynda diplomatik wekilhanalary açmak baradaky borçnamasyna laýyklykda kabul edildi.
Duşuşygyň dowamynda Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türki döwletleriň guramasynyň möhüm orny eýeleýändigini hem-de olaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtady.
Türkmenistan we Wengriýa şu ýylyň awgust aýynda Budapeştde gaz üpjünçiligi boýunça ylalaşyk gazandylar.