Türkmenistan we Wengriýa ýekşenbe güni Budapeştde gaz üpjünçiligi boýunça ylalaşyk gazandylar. Bu barada “Trend” agentligi habar berdi.
Gepleşikler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa amala aşyran iş saparynyň çäginde geçirildi. Gaz üpjünçiligi boýunça indiki ädim söwda gepleşiklerini geçirmek bolup durýar diýip, habarda bellenilýär.
Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Peter Siýýarto ozal ýylda 30 milliard kub metre çenli gazy daşamaga kuwwatlygy bolan 300 kilometrlik gazgeçirijini döretmegiň, şeýle hem Günorta-Gündogar Ýewropa sebitlerindäki turbageçirijileriň kuwwatyny ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada öz pikirini beýan etdi.
“Trend” agentliginiň habar bermegine görä, Azerbaýjan häzirki wagtda Günorta gaz geçelgesiniň kuwwatyny giňeltmek boýunça taslamanyň üstünde işleýär. Günorta gaz geçelgesi 2020-nji ýylda işe girizilip, ol Ýewropa ýurtlaryna daşalýan tebigy gazyň esasy çeşmeleriniň biri bolup durýar.
Bu nukdaýnazardan, Transhazar gaz geçirijisi birnäçe mümkinçiligi döredýär. Bu taslama Türkmenbaşy we Baku şäherlerini suwasty turbageçiriji arkaly birleşdirmegi maksat edinýär. Soňra bolsa bu Transhazar gaz geçirijisi Günorta gaz geçelgesi bilen birleşdiriler.
Şeýlelik bilen, bu taslama türkmen gazynyň möhüm ätiýaçlyklaryny ulanmaga, Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna tebigy gazy daşamaga mümkinçilik berer. Azerbaýjan hem öz çägini ulanmaga ygtyýar bermäge we gazy üstaşyr geçirmäge taýýardygyny mälim etdi.
Bilermenleriň pikirine görä, Transhazar gaz geçirijisini gurmagyň takmynan bahasy 30 milliard ABŞ dollaryna deňdir. Şeýle hem bilermenler Türkmenistanyň Ýewropanyň gaz kompaniýalary, şol sanda Azerbaýjanyň döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) bilen araçy hökmünde işleşmeginiň maksada laýyk bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň şu ýylyň iýul aýynda ýaýradan metbugat beýanatyna görä, Türkmenistanyň başlangyjy bilen orta atylan Transhazar gaz geçirijini gurmak baradaky pikire resmi Aşgabat diňe bir ykdysady we täjirçilik nukdaýnazardan amatly taslama hökmünde garaman, eýsem öndürijileriň, sarp edijileriň we tranzit ýurtlaryň bähbitlerini deň derejede göz öňünde tutýan bu taslamany energiýa ugurlarynyň diwersifikasiýasy we global energiýa howpsuzlygy babatda hem möhüm hasaplap gelýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşjak taraplaryň ählisi munuň bilen ylalaşýarlar diýip, DIM belleýär.