Balkanabadyň, Baýramalynyň, Kakanyň, Bäherdeniň demir ýol menzillerinde täze binalar gurlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Balkanabadyň, Baýramalynyň, Kakanyň, Bäherdeniň demir ýol menzillerinde täze binalar gurlar
Aşgabat şäheriniň demir ýol menzili

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde, Ahal welaýatynyň Kaka we Bäherden etraplarynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde degişli demir ýol menzillerinde döwrebap binalary gurmak meýilleşdirilýär diýip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, döwrebap binalar “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda gurmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurduň demir ýol ulgamyny ösdürmegiň häzirki döwürde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi we pudaklaýyn düzümi döwrebaplaşdyrmagyň, täze desgalaryň gurluşygynda iň täze tehnologiýalary ulanmagyň wajypdygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022