Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasyndaky duşuşyk, 18-nji sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: BMG)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Nýu-Ýorkda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

BMG-niň Sekretariatynyň binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyny mähirli garşylady we ählumumy foruma gatnaşýandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykda işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny Baş Assambleýanyň 78-nji mejlisiniň üstünlikli başlanmagy bilen gutlady we bu mejlisiň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine hem-de dünýäde durnukly ösüşi ilerletmäge möhüm goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, sebitiň we tutuş dünýäniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasy ugry amala aşyrylýandygy nygtaldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

2022