Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen BSG-niň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iwealanyň arasynda geçirilen duşuşyk, 18-nji sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Ngozi Okonjo-Iwealanyň X sahypasy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Nýu-Ýork şäherinde Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Ngozi Okonjo-Iwealanyň X sahypasynda beren maglumatyna görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň BSG-ä goşulmagy bilen bagly hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýörite Hökümet toparynyň hereket edýändigi bellenildi. Şeýle hem ýurduň BSG-ä goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek, degişli teklipleri taýýarlamak wezipeleri toparyň üstüne ýüklenildi.

Şeýle hem habarda bellenilşi ýaly, geçirilen işleriň netijesinde 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistana synçy derejesi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurduň derejesi (“Işjeň synçy”) berildi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany ýekşenbe güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş sapary bilen bardy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel, Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy.

2022