Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti Nýu-Ýorkda Günorta Koreýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýolyň arasynda geçirilen duşuşyk, 18-nji sentýabr, Nýu-Ýork, ABŞ (Surat: Yonhap News)

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda iş sapary bilen bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda iki ýurduň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini nygtap, berk parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilen başlangyçlary goldamak boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler.

Şeýle-de duşuşykda “Merkezi Aziýa—Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigi bellenildi. Türkmenistanyň bu düzümde başlyklyk etmeginiň çäklerinde noýabr aýynda Aşgabatda bu Forumyň 16-njy mejlisini geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet Baştutany onuň netijeleriniň sebit derejesinde ykdysady, medeni-ynsanperwer taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ýardam etjekdigine berk ynam bildirdi.

Gepleşikleriň ahyrynda iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine taraplaryň türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel we Bütindünýä söwda guramasynyň Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

 

2022