Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Aşgabatda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi” atly halkara maslahatynda Türkmenistanyň metan zyňyndylaryny azaltmaga uly üns berýändigini aýtdy.
“CentralAsia.news” internet neşiriniň habar bermegine görä, çäräniň dowamynda wise-premýer ýurduň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy üçin Ýol kartasyny durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurduň bu ugurda Bütündünýä borçnamasyna goşulmak boýunça alyp barýan işleriniň ösüşi barada habar berdi.
“Türkmenistan daşky gurşaw meselelerine, esasan hem nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde metanyň we onuň bilen baglanyşykly gaz zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berýär. Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny doly aradan aýyrmagy we öz maliýe çeşmeleriniň hasabyna we halkara guramalarynyň tehniki hem-de maliýe goldawy bilen her ýyl zyňyndylary ep-esli azaltmagy meýilleşdirýär” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgoda geçirilen BMG-niň COP26 sammitinde eden çykyşynda belläp geçdi.