Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilendigini we bu işleri geljekde-de dowam etmek üçin Türkmenistanyň hem-de Gaznanyň ýeterlik serişdeleriniň bardygyny aýtdy.
“Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr!” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýandygyny belledi.
Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etmäge çagyrdy.