Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen ýaşlarynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy sapagy, 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabry

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda ýekşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurduň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň alyp barýan işlerine ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyz Türkmenistanyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylandygyny aýtdy.

“Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň sözlerine görä, ýaşlaryň ýurduň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň şöhratly ata-babalarynyň parahatçylyk söýüjilik däplerini dowam etdirmäge çagyrdy.

2022