Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şenbe güni kanunçylyk namalarynyň birnäçesine gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Hususanda, Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryna degişli kanunçylyk namalaryň birnäçesine, ýagny, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary özara höweslendirmek we goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlary höweslendirmek we özara goramak hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, şeýle hem, “Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda”, “Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda” we “Halkara korrupsiýa garşy akademiýany halkara gurama hökmünde döretmek hakynda Ylalaşyga goşulmak hakynda” kanunlara gol çekdi.
Şeýle hem, “Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekildi.
Kabul edilen kanunçylyk namalarynyň hatarynda “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”; “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”; “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”; “Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” kanunlar hem bar.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan gol çekilen kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şenbe güni geçirilen üçünji maslahatynda maslahatlaşyldy we kabul edildi.