Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda sapar bilen Mongoliýa gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk Mongoliýanyň Prezidentiniň türkmen kärdeşine ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ugradan gutlag hatynda beýan edilýär.
“Jenap Prezident, Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin Sizi biziň ajaýyp ýurdumyzda kabul etmäge şatdyryn. Hormatly jenap Prezident, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ilerletmek we ösdürmek hem-de bilelikdäki hyzmatdaşlygymyzyň täze taryhy sahypasyny açmak üçin Sizden özüňiz üçin amatly wagtda Mongoliýa gelmek baradaky çakylygymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin!” diýip, Mongoliýanyň Prezidentiniň gutlag hatynda aýdylýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi.
Mongoliýanyň Prezidenti gutlag hatynda iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan başlap, geçen 30 ýylyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sebit we halkara giňişlikde yzygiderli ösdürilýändigini belledi.
Şeýle hem Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 23-nji aprelinde ýola goýuldy.