Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Alekseý Owerçuk Türkmenistanyň Döwlet Baştutanyna Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny, türkmen halkyna abadançylyk, gülläp ösüş hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi.
Şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk Russiýanyň Primorskiý kraý sebitinde tebigy heläkçilikden ejir çekenlere Türkmenistanyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Türkmenistanyň Döwlet Baştutany Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Aşgabada şu gezekki saparynyň we onuň çäklerinde meýilleşdirilen gepleşikleriň iki ýurduň Hökümetleriniň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklary berkitmäge, netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ilerletmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Mundan başga-da, söhbetdeşligiň barşynda strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan we ähli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň rus böleginiň başlygy Alekseý Owerçuk umumy bähbitlere laýyk gelýän, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.